reňkli poçta #6

Salam gadyrdan!
Eýýäm iki hepde bäri Amerikada. Şu poçtany hem Florida ştatyndan ýazýaryn. Sorag belgisi ýüze çykmaz ýaly, ilki bilen ABŞ-a nähili gaýdandygym barada ýazmakçy. ABŞ-nyň Daşary işler ministrliginiň “International Visitor Leadership Program” (IVLP) atly maksatnamasy bar. Bu maksatnamanyň esasy maksady dünýäniň dürli ýurtlarynda dürli ugurlarda işleýän professional hünärmenleriň ABŞ-a gysga möhletlik syýahatyny guramak we bu syýahatyň dowamynda hünärmenlere öz ugurlary bilen bagly amerikan tejribesini öwrenmäge mümkinçilik döretmekdir. Men hem şol maksatnama bilen ABŞ-a geldim. Birnäçe günden 30 sagatlyk ýol aşyp, Türkmenistana dolanaryn. Geçen hepde poçtany ýazmaga elim degmezliginiň esasy sebäbi hem şu. Bagyşlaň!
Häzirki wagtda Jacksonville şäherinde. Iküç günlükde şäheriň ortasyndan geçýän derýanyň kenarynda guralan aýdym-saz festiwalyna gatnaşdyk. Esasan mainstream aýdym-sazlaryň çalnan festiwaly maňa amerikan laýfstaýly barada, amerikanlaryň aýdym-saza bolan gatnaşyklary barada birnäçe netije çykarmagyma sebäp boldy. Olardan birinjisi amerikanlaryň öz ýerli jemgyýetlerinden bolan aýdymçylara eýe çykmaklary. Aslynda ýerli jemgyýet düşünjesi belli bir derejede biziňkä meňzeş bolsa-da, tapawutlyklary görüp bolýar. Şol festiwalda ilki ýerli aýdym-saz topary çykyş etdi, soňra bolsa Instagramda 1 milliona golaý yzarlaýjysy bolan aýdymçy çykyş etdi. Dogrusy ikinjisini kän diňläp bilmedim, ýöne ýerli aýdym-saz topary sahnadan aýrylanda tomaşaçylaryň aglabasynyň toparyň yzyna çagyrylmagyny isläp seslenendigine şaýat boldum. Şeýle seredeniňde köpçüligiň has meşhur aýdymçy üçin üýşendigini pikirlenip bileris. Emma, ýerli aýdym-saz toparlaryna eýe çykmaklary ýerli jemgyýetiň özara baglarynyň güýçlidigini subut edýär.
Ikinji gelen netijäm bolsa, beýleki hemme işlerde bolşy ýaly, mugt aýdym-saz festiwallarynyň aslynda dolulygyna telekeçilik maksatly edilýändigi we munuň ýokary hilli ýagdaýda guralyp boljagy. Gürrüňini edýän festiwalym “Jax River Jams” ady bilen geçirilip, apreliň dowamynda jemi 4 konsert gurady. Geliň, ilki bilen nähili biznes ugurlarynyň mundan bähbitlenýändigini seredeliň. Bu festiwalyň iň esasy hemaýatkäri hökmünde “VyStar Credit Union” çykyş edýär. Bu karz berýän edaranyň ady hemme mahabat önümlerinde öz ýerini alýar. Muňa goşmaça, konsert geçirilýän meýdançaň azyndan üç aýry böleginde dürli görnüşli içgileri satýan çadyrlar ýerleşdirilipdir. Çadyrlardan aýratynlykda, iýmit we naharlary satýan maşynlar (eng: food trucks) üçin aýratyn meýdança niýetlenipdir. Ol ýerde 10-a golaý maşyn we hersiniň öňünde iküç adamlyk nobatlar bardy. Bulardan daşary hemaýatkärler üçin VIP zona hem göz öňünde tutulypdyr. Umuman alanyňda, hemaýatkärlerden gelen pul bilen aýdymçylara tölenýär, hemaýatkärler üçin goşmaça mümkinçilikler döredilýär, ýerli biznesleriň gazanmaklary üçin şert bar (belki olar kiçiräk töleg töleýän bolmagy hem mümkin), iň esasysy hem, adamlar wagtyny hoş geçirýär. Ýerli aýdymçylaryň sahna almaklary, konserti guramak döredilen iş şertleriniň-ä gürrüňini hem etjek däl.
Ýerli jemgyýetiň aýdym-saza eýe çykmagy bilen bagly ýene bir mysala düýn agşam şäheriň merkezine golaý gabat geldim. Sungat merkeziniň ýanyndaky boşlukda bas we elektro gitara we deprek düzüminden emele gelen bir aýdym-saz topary jaza meňzeş žanrda aýdymlary ýerine ýetirýändiklerini gördüm. Diňleýjileriniň sany bir eliň barmaklaryny geçenok. Ýoluň gyrasynda bolsa gezgin awtobuslary bardy.
Garaz, reňkli we özboluşly. Çykaran beýleki netijelerimi häzirlikçe özüme saklaýyn.
reňkli+ neşirinde çap edilenler
reňkli poçta #5 bäri reňkli+ neşirinde şu aşakdaky makalalar ýerleşdirildi:
- Drakulamy ýa-da hudožnik — “Renfild” we “Reňk”: reňkli+ okyjylaryna mundan soň nesip edenden her hepde täze çykan filmleriň arasyndan käbiri ýa-da käbirileri bilen gysgaça tanyşdyrmagy makul bildik. Ilkinji hepdämizi hemmäniň sabyrsyzlyk bilen garaşýan azy ýaran kinolary bilen açmasagam, gürrüňini etjek kinolarymyz azyndan bir gezek tomaşa etmäge degýän ekran eserleri hasaplanýar. Gysgaça tanyşdyrjak filmlerimiziň käbirleri diňe kinoteatrlarda görkezilýän filmler, käbirleri-de “streaming” platformalarynyň önümleri, şol bir wagtyň özünde-de käbirleri ýurdumyzdaky kinoteatrlarda, esasan hem “Berkarar” kinoteatrynda görkezilýän kinolar bolar. Doly okamak üçin: https://medium.com/p/443ef4b22d89
- “Sygan diýip geçme sen, tansy bilen ýakar seni”: Baýram“Reňkli+”-daky ilkinji ýazgylarynyň birinde medeniýetleriň garyşmagy netijesinde nähili özboluşly bir sungatyň döräp biljegini aýdyp geçipdi. Bu gezek hem biri-birine uly täsir ýetirip, üýtgeşik we owadan bolan bir medeniýet, sungat, aýdym akymy barada söz edýär. Birnäçe ýyldan bäri, uly muşdagy bolup gelýän “gitano” (sygan) medeniýetiniň aýdym-sazlary, esasan hem, ispaniýaly syganlaryň aýdym-sazlary düýbünden başgaça bir dünýä alyp gidýär.Doly okamak üçin: https://medium.com/renkliplus/sygan-di%C3%BDip-ge%C3%A7me-sen-tansy-bilen-%C3%BDakar-seni-332fdb07a342
- Suwy tygşytly ulanmak näme üçin wajyp?: Ýer şarynyň köp bölegi, takmynan 71 göterimi, suw bilen örtülendir. Suw dünýäde şeýle köp bolsa ony goramak näme üçin wajyp?Suwsuz durmuşy göz öňüne getiriň. Kyn gerek?! Sebäbi gündelik durmuşymyzyň hemme ugurlarynda suw ulanylýar. Içmekden başlap, nahar bişirmekde, arassaçylykda, şahsy tämizlikde we oba hojalygy bilen baglanyşykly işlerde suw biziň bil baglaýan esasy çeşmämizdir. Şonuň üçin bu çeşmäni tygşytlamak we netijeli ulanmak üçin aýgytly ädimleri ätmek möhümdir.Doly okamak üçin: https://medium.com/renkliplus/suwy-tyg%C5%9Fytly-ulanmak-n%C3%A4me-%C3%BC%C3%A7in-wajyp-4d185ede774
- Prokat diýseň bereketli — uruş, komediýa, kosmos we beýlekiler: Hepdelik täze filmler makalamyzda 3 film barada, şeýle-de, olara alternatiw bolup biljek başga 3 kino barada durup geçeris. Ilkinji filmimiz meşhur režissýor Gaý Riçiniň täze kinosy “Şertnama” (The Covenant) bolup, ol režissýoryň şu ýylyň dowamynda prokata çykan 2-nji kinosydyr. Entek 1-nji kinosynyň (Operation Fortune: Ruse de Guerre) gürrüňleriniň dowam edýändigine garamazdan, tanymal kinoçynyň täze ekran eseri peýda boldy.Doly okamak üçin: https://medium.com/renkliplus/bu-hepdeki-prokat-di%C3%BDse%C5%88-bereketli-uru%C5%9F-komedi%C3%BDa-kosmos-we-be%C3%BDlekiler-18ff04db8d92
- Klub 27 — diňe girelgesi bolan klub: “Klub 27”-niň ne belli bir ýeri bar, ne-de bileti. Bu klub, esasan, sungat adamlarynyň girýän, hakykatda bolmadyk klubynyň ady. Bu kluba girýänler yzyna çykyp bilmeýärler. Bu kluba girmek üçin ýekeje bilet gerek, ol bilet hem biriniň jany. “Klub 27” sungat adamlaryny öz içine alýan, sungat söýerler tarapyndan döredilen hyýaly klubdyr. Bu kluba, geliň, ýakyndan seredeliň!Doly okamak üçin: https://medium.com/renkliplus/klub-27-6c1d4cf09540
***
Hormatly okyjy, bu poçtany size Florida ştatyndan ugradýaryn. Bu gün ömrümde ilkinji gezek okeanyň duzly suwuna aýagymy degirdim.
Gapdalymda atymlyk çaý tapyp bilmedigim üçin bialaç içýän, içinde paketli çaý ýüzdürilen gaýnag suwum.
Teklipleriňi, pikirleriňizi we tankytlaryňyzy berdiyevbatyr@gmail.com adresine ugradyp bilersiňiz. (Hatda gönümel, häzir şu poçta jogap ýazyň! 😁)
Eger reňkli poçta heniz agza bolmadyk bolsaňyz, hem agza bolmak üçin, hem-de reňkli+ neşirini goldamak üçin şu linke basyp bilersiňiz: https://www.buymeacoffee.com/renkliplus
Türkmenistanda duşuşýançak sag boluň!