Sungat dünýäsinde bahar başagaý we girdejili başlady

Sungat we döredijilik dünýäsinde baharyň ilkinji hepdesiniň käbir günleri kino senagatynda berlen baýraklaryň gybaty bilen geçen bolsa, galan günleri öňümizdäki alty-bazar (ET wagty bilen) paýlanjak “Grammy” baýraklarynyň çaklamalary aýdym-saz dünýäsinde giňden paýlaşylmaga başlandy.
Gürrüňe kino industriýasyndan başlasak, geçen hepde “Nomadland”-yň hepdesi boldy diýsek ýalňyşmarys; hem 78-nji “Altyn globusda” hem-de “Critics Choice Award”-da “Iň gowy film” baýragyny aldy. Şeýle hem kinonyň režissýory iki dabarada hem “Iň gowy režissýor” baýragyna mynasyp boldy. 26-njy gezek berilýän baýrakda “Iň gowy uýgunlaşdyrylan ssenariý” baýragyna hem eýe bolan aziýaly Hloe Çžou Halkara zenanlar güni üçin ilkinji sowgatlaryndan birini film tankytçylaryndan aldy.
Agzalanlar bilen bir hatarda geçen hepde üç esasy film şüweleňleriniň biri bolan “Berlinale”-niň 71-nji gezekkisiniň onlaýn tapgyry geçirildi. Bu ýagdaý hernäçe kino industriýasyny gynandyrsa-da iýun aýynda şüweleňiň “oflaýn” we gyrmyzy halyly görnüşini geçirmek hem meýilleşdirilýär. Şüweleňde “altyn aýy” heýkeline rumyniýaly režissýor Radu Žude tarapyndan surata düşürilen “Bad Luck Banging or Loony Porn” kinosy mynasyp görüldi.
Kino industriýasy üçin esasy girdeji çeşmeleriniň biri bolan kinoteatrlar hem esli wagtlyk arakesmeden soňra täzeden açylmaga başlandy. 5-nji martda Nýu-Ýork şäherindäki kinoteatrlar 25% dolulygy saklamak şerti bilen işlemäge başlady. Gynandyryjy habar bolsa, Tunisden geldi. Afrikanyň, şeýle hem arap film industriýasynyň görnükli režissýory, sseneriý ýazyjysy, film redaktory Mufida Tlatliý 7-nji fewralda 73 ýaşynda aradan çykdy. Fransuz film akademiýasyndan çykan Tlatliýniň 1994-nji ýylda düşüren “The Silences of the Palace” filmi Kann film şüweleňinde “altyn kamera” baýragyna, Britan film institutynyň “Sutherland” kubogyna, Toronto film şüweleňiniň tankytçylar baýragyna, Stambul film şüweleňiniň “altyn çigildem” baýragyna mynasyp bolupdy. Zenan režissýor magryply (demirgazyk-günbatar Afrika) film hünärmenleriniň arasynda ikinji bolup Kann film şüweleňinde emin agzalyk etdi.
Fransuz film akademiýasy barada gürrüňi açanymyza görä, owganystanly zenan režissýor barada hem kelam agyz belläp geçmekçi. Gürrüň daniýaly “Adomeit Film” şereketi tarapyndan düşürilmegi meýilleşdirilýän romantik-komediýa žanrynda ilkinji owgan filmi boljak “Kabul Jan”-yň režissýory Şahrbanu Sadat barada. Eýranda doglan 30 ýaşly Sadat 2016-njy ýylda “Wolf and Sheep”, 2019-njy ýylda “The Orphanage” filmlerini köpçülige ýetirdi. Merkezi Parižde ýerleşýän “Ateliers Varan” assosiasiýasynyň okuwlaryndan soňra film industriýasyna giren Sadat eýýäm 20 ýaşynda Kann-yň “Cinéfondation” programmasyna kabul edilen iň ýaş režissýor boldy.
Aýdym-saz döredijileri biznesde hem işjeň
7-nji martda “Recording Academy” 63-nji “Grammy” baýraklarynda çykyş etjek aýdymçydyr toparlaryň sanawyny mälim etdi. Aşgabat wagty bilen öňümizdäki Duşenbe güni sagat 6.00-da başlanjak “Grammy” dabarasynda çykyş etjekleriň arasynda Teýlor Swift, Dua Lipa, BTS, Billi Aýliş, Kris Martin, Post Malon we ýene-de birnäçeleri bar.
Baharyň ilkinji hepdesinde moda industriýasyndaky esasy brendler 2021-nji ýyl üçin güýzki we gyşky ýygyndylaryny görkezmäge başlady. Şeýle döwürde käbir sungat işgärleri öz brendlerini tanatmaga başlan bolsa, käbirleri mahabat kampaniýalarynda görünmäge başladylar. “Instagram” hasabynda özüni “Big Briefcase Business Boy” söz düzümi bilen beýan eden Bruno Mars “Lacoste” bilen bilelikde täze eginbaş brendi “Ricky Regal”-y tanatdy. Türk sungat işgäri Jandan Erçetin bolsa, Parižde türkiýeli doganlar tarapyndan esaslandyrylan “Dice Kayek” brendiniň täze kolleksiýasynyň mahabat wideosynyň aýdymyny ýerine ýetirdi. Erçetiniň geçen asyrda birnäçe gezek çykyş eden “Eurovision” aýdym-saz bäsleşiginiň 2021-däki sanyna Filip Kirkorow hem gatnaşýar, emma aýdymçy hökmünde däl.
4-nji martda Moldowanyň adyndan çykyş etjek Natalia Gordienkonyň “SUGAR” atly aýdymynyň prezentasiýasy geçirildi. Bu aýdym Kirkorow tarapyndan döredildi.
Aýdym-saz döredijileriniň bar küýi-pikiri aýdym döretmek däl elbetde; biznes hem munuň bir şahasy. 4-nji martda “Twitter”-iň dolandyryjysy Jek Dorsiniň esaslandyran “Square Inc” kompaniýasynyň Jeý-Z-niň “Tidal” aýdym-saz platformasynyň aglaba bölegini 297 million dollara satyn alandygy mälim edildi. Dorsi bu ylalaşygyň esasynda döredijileriň işlerine goldaw bermegiň “täze ugurlaryny tapmagy” meýilleşdirýär.
Kino, aýdym-saz we moda industriýalarynyň birleşýän ýeri hökmünde Lady Gaga-nyň Rime saparyny görkezip bileris. “House of Gucci” filminde surata düşýän meşhur “star” Lady Gaga Gucci brendiniň esaslandyryjysy Guççiýo Guççiniň agtygy Mauritsiýo Guççiniň ýan ýoldaşy Patritsiýanyň keşbini janlandyrar. Mauritsiýonyň keşbinde bolsa Adam Draýwer oýnar; filmiň aktýorlar sanawynda Jared Leto we Al Paçino hem bar. Noýabrda görkezilmegi meýilleşdirilýän bu filme bolan şahsy gyzyklanmam bolsa onuň “soundtrack”-lary.
Geçen hepdede diňe kino däl, eýsem aýdym-saz dünýäsi hem belli sungat işgärini ýitirdi. Bob Marleý bilen garyndaşlyk bagy bolan Banny Weýler 2-nji martda 73 ýaşynda dünýäsini täzeledi. Reggi žanrynyň legendalaryndan biri bolan Banny Weýler özi barada “dünýäsini täzeledi” diýilmegine garşy çykmagy hem mümkin. Üç sany “Grammy” eýesi Weýler 1963-ni ýylda Marleý we Piter Toş bilen bilelikde “The Wailers” toparyny esaslandyrypdylar.

Enterteýnment dünýäsinde elbetde habarlaryň yzy kesilmeýär. Şu makalany ýazýan mahalym 80-nji ýyllardan bäri esli kinodyr teatr oýunlarynda çykyş eden türk aktýor Rasim Öztekiniň 62 ýaşynda aradan çykandygyny okadym. Reggi gürrüňinden Rasim Öztekine geçmegimiň ýeke-täk sebäbi bar. Ol bolsa aktýoryň 2004-nji ýylda çykarylan G.O.R.A. filminde ýerine ýetiren Bob Marleý Faruk keşbidir.