Uncategorized

Uncategorized

Oskary kim alar, çarwadarlarmy, çikagolylarmy, boratmy ýa-da mank; belki-de aziýalylar

Kino sungatynyň iň uly sylagy hasaplanýan Oskar baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi. Pandemiýa sebäpli “meňki bolsun” diýäýjek kinolaryň azdygyna garamazdan, amerikan kino akademiýasy barja filmlerden öz kriteriýalaryna esaslanyp, öňe saýlananlary dalaşgärlige hödürledi. Dalaşgärlere umumylykda seredenimizde, akademiýa hemişe tankyt edilýän tarapyna aýratyn esewan etmäge çalşypdyr. Ýagny hemişe akademiýa köpdürlülikden daşda bolmagy bilen

By Ussa Hajyýew

Uncategorized

“Grammy”-ni kim alsa şol alsyn, bize “arabyň gyzy” bolsa bolýar

Beýonseden Teýlor Swifte, Leýdi Gagadan Billi Aýlişe, Dua Lipadan Imanbege. Duşanbe güni heniz Gün dogmanka (Aşgabat wagty bilen) paýlanyp başlan 63-nji “Grammy” baýraklarynyň ýeňijileriniň sanawynda kän bir üýtgeşiklik ýok; artistleriň atlarydyr ýeňiji bolan aýdymlar köpçülik ýerlerinde ýa-da sosial mediada hökman gulagyňyza/gözüňize ilendir. Nobatdaky “Grammy” dabarasy zenanlaryň dabarasy boldy diýsek

By Batyr Berdiyev

Uncategorized

Kino sungatynda “streaming” söweşi ýa-da “HBO Max”, “Warner Bros.” we beýlekiler

2020-nji ýyl adamzat taryhy üçin ýatdan çykmajak ýyllaryň biri boldy. Hatda adamzadyň ýatdan çykarmak isleýän ýyly boldy diýsegem ýalňyş bolmaz. Galagoply we başagaýlykda geçen ýylda Ýer şarynyň çäklerinde COVID-19 sebäpli zyýan çekmedik adam, pudak, ulgam ýok diýen ýaly. Adamzadyň durmuşynyň öňküler ýaly bolmajakdygy ilki-ilkiler görnetin mälim bolmasa-da, soňlugy bilen, öňki-öňküligiň

By Ussa Hajyýew

Uncategorized

Sungat dünýäsinde bahar başagaý we girdejili başlady

Sungat we döredijilik dünýäsinde baharyň ilkinji hepdesiniň käbir günleri kino senagatynda berlen baýraklaryň gybaty bilen geçen bolsa, galan günleri öňümizdäki alty-bazar (ET wagty bilen) paýlanjak “Grammy” baýraklarynyň çaklamalary aýdym-saz dünýäsinde giňden paýlaşylmaga başlandy. Gürrüňe kino industriýasyndan başlasak, geçen hepde “Nomadland”-yň hepdesi boldy diýsek ýalňyşmarys; hem 78-nji “Altyn globusda” hem-de

By Batyr Berdiyev

Uncategorized

“Tutyny ýap gün düşýär” ýa-da Radiohead barada.

Bu ýerde aýdym-saz industriýasyndan, belli bolan birnäçe artistlary we toparlary agzap geçern. Eger, Wikipedia maglumatlaryny gözläp gelen bolsaňyz, gohlamanjyk yzyňyza gidip bilersiňiz. Biz bu ýerde serýoznyý muzyka barada gürrüň edýäris. Biz bu ýerde aýdym-saz diskussiýasyna başga frontdan goşulýarys. Ýüregi salafandan ýuka bolan rock ‘n roll söýüjileriň ýeke galanlarynda diňläp biljek

By Bayram Agayew

Uncategorized

78-nji “Altyn globus” baýraklarynyň analizi (seljermesi)

Kino sungatynda uly baýraklaryň berlip başlandygyny aňladýan “Altyn globus” baýraklary 78-nji gezek öz mynasyplaryna gowşuryldy. Adatça ýanwar aýynyň ilkinji hepdelerinde geçirilýän Hollywood-daky daşary ýurtly žurnalistler bileleşiginiň (HFPA) guramaçylygynda gowşurylýan baýraklar hem pandemiýadan öz nesibesine düşen paýy aldy. Şolaryň biri baýragyň adaty ýagdaýdakydan iki aýa golaý gijä galmagy, şol sanda ýeňijileriň

By Ussa Hajyýew

Uncategorized

Surat okamak — Gara kwadrat, Kazimir Malewiç

Ilkinji gezek göreniňde düşünişmezlik döredýän eserleriň biri bolan “Gara kwadrat” barada iki kelam söz açmak isleýän. “Gara kwadrat” eseriniň awtory bolan Kazimir Malewiç barada hem söz açman geçmek bolmaz. Köp kişiniň düşünmeýän we sungat kritikleriniň arasynda çekişmeler döredýän ussatlaryň biri hem Kazimir Malewiç. Kazimir Malewiç XX asyryň iň öňde baryjy

By Bayram Agayew