
aýdym-saz
Karol we men
Modern şahyr we aýdymçylar barada başlan seriýamyň birinji böleginiň üstünden indi ep-esli wagt geçdi. Uzak wagtlap arakesme almagymyň sebäbini gözleseň, bahana gözleýän çaga ýaly bolýar. El bilen tutar ýaly argument öňe sürmäge sebäbim ýok. Ýeke sebäbim: ýazyp bilmedim. Ýazmak üçin näçe gezek stoluň başyna geçdim, ençeme gezek playlist-imi diňläp çykdym,